Seminar okuwlary geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, bilim ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, programma üpjünçiliklerini, bilim bermekde Emeli aň tehnologiýalaryndan peýdalanmak, okatmagyň STEM usulýetini ornaşdyrmakda birnäçe masadalaýyk işler alnyp barylýar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymlarynyň gurnamagynda seminar okuwlary geçirildi. Seminar okuwyna institutymyzyň ähli mugallymlary gatnaşdylar. Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy, tehnika ylymlaryň kandidaty Abdulla Rahmanow “Oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdeplerinde kompýuter tehnologiýalarynyň orny” , uly mugallym Ýusupbaý Ermetow “Emeli aň tehnologiýalaryny okuw sapaklarynda netijeli ulanmak”, mugallym Daýanç Baýramdurdyýew “Kiberhowpsuzlygy üpjün etmek döwrüň wajyp meselesi”, mugallym Çaryguly Jammaýew “Okuw prosesinde bulut tehnologiýasynyň ulanylyşy”, mugallym-öwreniji Begnazar Rejebow “Okuw sapaklarynda ykjam programmalarynyň ulanylyşy”, mugallym-öwreniji Begenç Muhammedow “Talyplara bilim bermekde intellektual tehnologiýalaryň peýdalanylyşy” atly häzirki döwrüň wajyp temalary boýunça örän täsirli okuwlary geçdi. Talyplara bilim bermekde ösen tehnologiýalar, programma üpjünçilikleriniň sapaklarda ulanylyşy barada, emeli aň tehnologiýalaryny bilim bermekde netijeli peýdalanmak barada gyzykly maglumatlar berildi.

Geçilen seminar okuwlaryndaky edilen çykyşlar gatnaşyjylarda uly täsir galdyrmak bilen mugallymlaryň arasynda okuw sapaklarynda emeli aň tehnologiýalaryny we STEM usulyýetini ulanmakda talyplaryň höwesiniň artýandygy hem-de hünär başarnyklarynyň kemala gelmegine ýardam berýändigi diňlejiler tarapyndan makullanyldy.

Begnazar Rejebow,
Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi