Halkara nowruz baýramy mynasybetli iňlis dilinde çäre geçirildi

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda giň gerimli çäreler guralýar. Mart aýynyň 14-ine institutymyzyň kiçi mejlisler zalynda institutyň Zenanlar guramasy we institutyň Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiniň guramagynda institutymyzyň talyplarynyň arasynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli iňlis dilinde “Nowruz—parahatçylyk hem abadançylyk baýramy” atly medeni aň-bilim bäsleşigi geçirildi. Bu dabara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Bäsleşik üç tapgyrda geçirilip, onuň 1-nji tapgyrynda talyplar Nowruz baýramyna degişli surat çekdiler we ony iňlis dilinde şol çeken suratlary barada gürrüň berdiler. Bäsleşigiň 2-nji tapgyrynda bolsa Nowruz baýramynda taýýarlanylýan türkmen milli tagamlarynyň bişirilişini iňlis dilinde gürrüň berdiler we şol tagamlaryň taýýarlanylyşyny görkezdiler. Soňky 3-nji tapgyrynda talyplar Nowruz baýramynyň ähmiýeti, halklaryň medeniýetinde we taryhynda tutýan orny baradaky prezentasiýalaryň üsti bilen iňlis dilinde täsirli gürrüň berdiler we baýramçylyga degişli goşgulary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça Dil öwreniş bölüminiň talyplary Jumanazarowa Altyn, Satkenowa Nasiba , Rejepow Şirmuhammet I orna , Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyplary Garajaýewa Enejan, Babaniýazowa Gülnara, Çerkezova Çemen II orna, Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyplary Çariýewa Aýgözel, Saryýeva Maýsa we Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 2-nji ýyl talyby Rejepow Pälwan bäsleşigiň III ornuna mynasyp boldular.

Ençeme asyrlaryň geçendigine garamazdan, ajaýyp Nowruz baýramy häzirki wagtda-da jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, hemmelere şatlyk we ylham paýlamagyny dowam edýär hem-de halklary dost-doganlyga, döredijilikli zähmete, täze üstünliklere ugrukdyrýar.

Goý, berkarar döwletimizde halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary üstünliklere beslensin!

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy
Jennet BEKMETOWA