Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Türkmen oba hojalyk institutynda hem, hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatyny durmuşa geçirmeklik ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 19-njy martynda ýokary okuw mekdebimizde Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagyny höweslendirmek we ýaş zehinleriň ylym-bilimini, hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen institutyň talyp ýaşlarynyň arasynda “Ylym we ýaşlar: oba hojalygyň geljegi” atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige institumyzyň ylmy gurnaklarynyň zehinli talyplary, şeýle hem ylym bilen meşgullanýan talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar, özleriniň oba hojalygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça taýýarlan taslama işlerini görkezdiler.
Eminler topary ähli gatnaşyjylaryň işleri bilen tanyş boldular we bäsleşigiň ahyrynda bilimiň we önümçiligiň, ylmyň we tehnikanyň geljekde ösmegi üçin amaly gyzyklanma döretjek işleriň awtorlary, şeýle hem olaryň ylmy ýolbaşçylary eminler toparynyň hödürlemegi boýunça hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Eminler toparynyň gelen netijesi boýunça Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Allaberdiýewa Aýşat I baýrakly orna, Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Koçmuradow Şatlyk we Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Haýtgulyýewa Merjen II baýrakly orna, Agronomçylyk hünäriniň 3-+nji ýyl talyby Berdiýewa Bahar, Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Baýramalyýewa Aýlar we Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Mätdurdyýew Baýmyrat III baýrakly orna mynasyp boldular. Şeýle hem, Agrohimiýa we agrotopragy öwreniş hünäriniň 2-nji ýyl talyby Taýlyýewa Dünýä, Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ataýew Alp Arslan, Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Babajanowa Patma, Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby Polatow Atanazar, Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Sabyrow Meýlis we Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby Goçowa Gülnar bäsleşige işjeň gatnaşandyklary üçin hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Bäsleşigiň ahyrynda gatnaşyjylaryň ählisi okamaga, döretmäge we ylym bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri üpjün edip, özleri barada yzygiderli alada edýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Aýnur ŞYHYÝEWA,
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby