“Gündogaryň beýik akyldarlarynyň himiki garaýyşlary” atly onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda türkmen halkynyň medeniýetiniň, sungatynyň we ylmynyň taryhyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Taryhymyza ser salanymyzda, geçmişde türkmen halky onlarça döwletleri döredipdir. Ol döwletleriň köpüsinde ykdysadyýet, medeniýet we sungat bilen bilelikde ylym hem pajarlap ösüpdir. Muňa X-XI asyrlarda Horezmiň paýtagty Ürgençdäki Mamunyň akademiýasynyň döremegi, Ürgençde we Merwde onlarça kitaphanalaryň bolmagy muňa şaýatlyk edýär. Bu döwletlerde onlarça görnükli alymlar ýaşapdyrlar we özleriniň ajaýyp eserlerini bize miras goýupdyrlar. Olaryň alyp baran ylmy işleri örän köptaraply bolup, olaryň arasynda himiýa, alhimiýa, ýatrohimiýa degişli işler hem köp bolupdyr. Bu alymlaryň bize goýan mirasyny öwrenmek, ýaşlaryň arasynda wagyz etmek bilim işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar. Hut şu maksat, bilen 2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda “Gündogaryň beýik akyldarlarynyň himiki garaýyşlary” sanly ulgam arkaly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu onlaýn ylmy-amaly maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Maslahatda Gündogaryň beýik akyldarlary bolan Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet al-Birunynyň, Abu Ali Hüseýin ibn Abdullah Ibn Sinanyň, Abu Bakr Muhammet ar-Raziniň ýazan alhimiýa, minerallar, metallar we farmasewtika degişli işleri bilen bir hatarda türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde duş gelýän himiki adalgalar we düşünjeler barada, şahyryň şol himiki adalgalary öz şygyrlarynda çeperçilik bilen göni we göçme manysynda ussatlyk bilen ulanyşy barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Maslahatyň soňunda edilen çykyşlar barada özara pikir alşyldy. Maslahata gatnaşyjylar bu sanly ulgam arkaly gurnalan ylmy-amaly maslahatyň mugallymlar we talyplar üçin örän peýdaly bolandygyny bellediler.

Ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamyny ösdürmek üçin bimöçber alada edýän, okuw we okuw-usuly işlere sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, il bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!

Ýazguly ATAÝEW,
Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy