Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, ylym-bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Oba hojalyk pudagyny durnukly esasda ösdürmek, geljekki ýokary bilimli ýaşlaryň ylym-bilimini, hünär ussatlygyny kämilleşdirmek ugrunda ähli zerur bolan mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän şeýle mümkinçiliklerden ugur alyp, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda”, ýagny 2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata 9 sany döwletden 56 sany ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň umumy mejlisinde Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Soňra Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan, Belarus, Azerbeýjan, Moldowa Respublikalaryndan, Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndan hem-de Päkistan Yslam Respublikasyndan wekiller oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň orny barada sanly ulgam arkaly täsirli çykyş etdiler.

Halkara ylmy-amaly maslahat üç bölümde işini dowam etdirdi. 1-nji bölüm “Oba hojalygyny alyp barmak boýunça ekologiki çemeleşmeler”, 2-nji bölüm “Suw gorlaryndan rejeli peýdalanmak”, 3-nji bölüm “Ýer serişdelerinden netijeli peýdalanmak” atlar bilen geçirildi. Olarda 160-a golaý işler diňlenilip, edilen çykyşlaryň içinde iň tapawutlylary aýratyn bellenildi we halkara ylmy-amaly maslahatyň jemleýji bölüminde yglan edildi.

Geçirilýän şeýle maslahatlar ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmekde, dünýä döwletleriniň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny has-da berkitmekde, halklaryň arasynda dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Babageldi KURBANOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň ylym bölüminiň başlygy