«KAMAZ» okuw-hyzmat ediş merkezine okuw tejribeligini guraldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatymyzyň netijesinde ýurdumyzda dürli pudaklar bilen bir hatarda ylym-bilim pudagy hem täze ösüşleriň sepgidine gadam basdy. Biziň ýokary okuw jaýymyz bolan Türkmen oba hojalyk inistitutynyň Traktor we oba hojalyk maşynlary kafedrasynda talyp ýaşlara döwrebap bilim bermek olary dünýä belli meşhur kompaniýalaryň öndürýän oba hojalyk tehnikalary bilen tanyşdyrmak maksady bilen ýörite okuw otaglarmyz gurnalan bolup ol ýerde talyp ýaşlarmyz umumy okuwlarda alan gönükmelerini tejribelikde görmek mümkinçiligine eýedir. Şeýle-de kafedramyz tarapyndan talyplaryň nazary bilimlerini önümçilikde berkitmek maksady bilen önümçilik kärhanalaryna we abatlaýyş merkezlerine okuw tejribelikler yzgiderli guralýar. Ýakynda bolsa has takygy aprel aýynyň 3-inde inistitutymyzyň Traktor we oba hojalyk maşynlary kafedramyzyň mugallymlary we talyp ýaşlary bolup welaýat merkezinden halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän geçen ýylyň dekabr aýynda dabaealy ýagdaýda açylan «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezine okuw tejribeligini guradyk.

Bu döwrebap merkez häzirki wagtda welaýatymyzyň çäginde bar bolan KAMAZ kysymly awtoulaglara tehniki hyzmat edýär. Bu ýerde talyplarymyz awtoulaglara edilýän tehniki hyzmatyň görnüşleri we okuw-tehniki hyzmat ediş merkezinde bar bolan tehniki enjamlaryň iş düzgünleri şeýle-de ulanylyşy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Geçirilen ýörüte okuw sapagy tehniki ugurdan bilim alýan ýaşlaryň öz hünärine bolan söýgüsini artdyrmakda we öz ele aljak hünäriniň kämil eýesi bolup ýetişmegine ýardam eder.Ýurdumyza şeýle tehnikalary satyn almaga we ýaşlara döwrebap bilim alyp, alan bilimlerini önümçilikde berkitmäge döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerimizi aýdýarys. Goý olaryň başlary dik, janlary sag bolsun, il bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Ýakub Japarow
Traktor we oba haojalyk maşynlary kafedrasynyň mugallym öwrenijisi