Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň: “Biz milli buýsanjymyza öwrülen, gözelli bilen haýran eden tohum atlary ösdürip ýetişdirmek, ata-babalarymyzdan gelýän seýisçilik däplerimizi dowam edip, ýaş nesillerimize geçirmek, olarda atçylyga bolan söýgini artdyrmak ugrunda geljekde hem alada ederis” diýen danaýy pähimlerinden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz diýarymyzda türkmen bedewleriniň sarpasy we ykbaly has-da belende göterildi.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmen bedewi halkymyzyn milli buysanjydyr diýen tema bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahatda ahalteke bedewiniň gelip çykyşy, ol bilen bagly taryhy wakalary, edebiýatymyzda taryp edilşi, at üstündäki milli oýunlarymyz we medeniýet, sungat äleminde bedew atyň orny bilen baglanyşykly maglumatlar barada çykyşlar edildi.

Türkmenler geçmişde özleriniň ýyndam bedewlerine dürli atlarydyr lakamlary dakypdyrlar. Ol asylly ýörelge bolsa biziň günlerimizde-de dowam etdirilýär. Mete hanyň Doratynyň, hezreti Alynyň Düldüliniň, Salyr gazanyň Goňuratynyň, Jelaleddin Meňburunyň Gyratynyň, Togrul begiň Akguşynyň, Çagry begiň Garaguşunyň we beýleki bedewleriň atlary taryhy ýazgylarda saklanyp galypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmekde, halkara derejeli stadionlar, sport desgalary we atçylyk sport toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmakda, ýaşlarymyzda behişdi bedewlerimize bolan söýgini döretmekde tutumly işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň ähli ýerinde taryhy wakalara beslenip gelen mukaddes baýramçylygymyza bagyşlanan ylmy-amaly maslahatynyň soňunda medeniýet merkeziniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren baýramçylyk çykyşlary maslahata gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Garaşsyz Watanymyzy, Beýik Liderimizi, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň beýik tutumlaryny äleme ýaýan aýdymdyr-sazlar, çeper okaýyşlar, edebi kompazisiýalar bolsa baýramçylyk şatlygyny has-da goşalandyrdy.

Maslahatyň ahyrynda baýramçylyk bilen gutladylar we halkymyzy eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Agamyrat AKYÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy