“Pederleriň göreldesi - nesilleriň ýörelgesi” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklaryna hem-de durmuş kadasyna öwrülen nusgalyk ýörelgeler bolup, olar dünýä taryhyna örän pajygaly, gandöküşikli, jebir-jepaly döwür hökmünde ebedi ýazylan 1941 - 1945-nji ýyllarda has-da aýdyň ýüze çykdy. Mukaddes ýörelgelerimize berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, ХХ asyryň ýowuz urşunyň azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, baky şöhrata mynasyp boldular. Bu örän agyr döwürde tylda galan Türkmenistanyň ilaty – garrylardyr, gelin-gyzlar, ýetginjekler “Ähli zat front üçin, ähli zat Ýeňiş üçin!” diýen ählihalk şygaryna eýerip, parahat, abadan durmuşa beýik ynam bilen, synmaz erke hem-de päk arzuwlara daýanyp, gije-gündiz tutanýerli, gaýratly zähmet çekdiler.

Ýeňiş güni mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda “Pederleriň göreldesi-nesilleriň ýörelgesi” atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň dowamynda “Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda görkezilen gahrymançylyk”, “Watanyň merdana gerçekleri”, “Beýik Ýeňşe türkmen zenanlarynyň goşandy”, “Beýik Watançylyk urşunda türkmen esgerleriniň geçen şöhratly ýoly unudylmazdyr” şeýle hem “Uruş weterinarlarynyň söweş ýoly nesillere görelde mekdebi” atly temalar boýunça professor-mugallymlar we talyplar çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler uruş gahrymanlarynyň edermenligine we gaýduwsyzlygyna belent sarpa goýulýandygy, şeýle-de Watana, öz halkyna wepaly hem-de oňa tüýs ýürekden hormat goýýan ýaşlary terbiýelemegiň ähmiýeti dogrusynda çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisden soňra bäş bölümçede dowam etdi.

Maslahatyň ahyrynda baýramçylyk bilen gutladylar we halkymyzy eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
Aýjemal Artykowa