«Galkynyş – Türkmenistanyň buýsanjy» atly hekaýa, oçerk we esse ýazmak boýunça bäsleşik geçirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda behişdi bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk ýörelgelerini dowam etdirmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ilkinji aýynda buýsançly, şatlykly wakalaryň biri hem, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň ençeme döwletiniň gatnaşmagynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, ol ýerde türkmen ýigitlerimiz at üstündäki milli oýunlarymyz bilen üstünlikli çykyşlary ýerine ýetirip, ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladyp, festiwalyň birnäçe ýörite baýraklaryna, iň esasysy hem Altyn baýraga mynasyp bolmagydyr. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan ajaýyp üstünliginiň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek hem-de dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Galkynyş – Türkmenistanyň buýsanjy» atly hekaýa, oçerk we esse ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär.

Bäsleşik, talyplaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, milli mirasymyzy, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünliklerini wagyz etmek, şeýle hem, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, edebiýat bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek hem-de milli gymmatlyklarymyzy döwrebap döredijilik eserlerinde beýan etmek üçin mümkinçilik döretmek maksady bilen geçirilýär.

Bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.

Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerimizi aýdýarys!

Miwe NURYÝEWA,
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy