Türkmen oba hojalyk institutynda Suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşik geçirildi

Talyp ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny we zehinlerini ýüze çykarmagy hem-de jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapmagy, ýaşlaryň Watana söýgi we wepalylyk duýgusyny, Watanyň bähbitlerini goramaklyga we raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmeklige bolan jogapkärçilikli garaýyşlaryny terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini guramak we täze zehinleri ýüze çykarmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýaş nesillerimizde ata Watanymyzyň taryhy ösüşiniň esasy maksatlaryna, üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna bolan buýsanç duýgusyny terbiýelemek, ýaş wagyzçylaryň we suhangöýleriň täze neslini kemala getirmek maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda institutyň talyp ýaşlarynyň arasynda Suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirenler üçin deslapky saýlama tapgyry (1-nji tapgyr) 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde geçirildi we Guramaçylar tarapyndan Häzirki zaman türkmen jemgyýeti, Türkmen dili, Türkmenistanyň kanunçylyk esaslary derslerinden hem-de Türkmenistanyň daşary syýasaty, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleri boýunça jemi 100 soragdan ybarat test sowallary taýýarlanyp, talyp ýaşlaryň bilim derejesi barlanyldy we iň gowy netije görkezen 10 sany talyp ýaşlar bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ikinji tapgyry 2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde geçirilip, gatnaşyjylar “Türkmenistanyň daşary syýasaty we hemişelik Bitaraplygy” atly tema boýunça çykyş etdiler. Bäsleşigiň düzgünnamasyna görä, gatnaşyjynyň meýilnamalaýyn çykyşyndan soň eminler toparynyň agzalary tarapyndan bäsleşige gatnaşyjynyň özüne mälim bolmadyk islendik bir tema berildi we bäsleşige gatnaşyjy improwizasiýa görnüşinde öz çykyşyny dowam etdi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Aýna Badakowa I oruna, Maglumat howpsuzlygyny menejmenti (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby Ogulnabat Karlyýewa II oruna, Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Gözel Miriýewa III oruna, şeýle hem, Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Gülsenem Gurbanowa hem-de Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Ogulgerek Myradowa höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular. Ýeňijiler Türkmen oba hojalyk instituty hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Garlybaý PAŞŞAÝEW,
Institutyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy