Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda asmanymyzda pasyrdaýan baýdagymyz halkymyzyň asyrlaryndan bäri döwletlilik barada edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde baýramçylyk çäreleri hem-de ylmy-amaly maslahatlary dabaraly ýagdaýda bellenilip geçirildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da ýaýbaňlandyryldy. Bu çäreler halkymyzyň mizemez jebisliginiň we agzybirliginiň, merdana pederlerimiziň parasatly wesýetlerine ygrarlydygynyň aýdyň nyşany boldy. Dabaralara gatnaşyjylaryň ruhubelentligi bolsa ildeşlerimiziň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we abadançylygyň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan çäksiz buýsanjyny açyp görkezdi.
Türkmenistanda her ýylyň 18-nji maýynda Konstitusiýa we Döwlet baýdagy güni bellenilip geçilýär. Bu sene 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen we Döwlet baýdagynyň tassyklanan gününe bagyşlanýar.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy tutuş dünýäde giňden bellidir. Onda milli äheňler umumadamzat ruhy gymmatlyklar bilen sazlaşykly utgaşyp, çuňňur mana eýe bolýar we halkymyzyň geljege bolan garaýşyny beýan edýär. Ýaşyl ýüpek parçada dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungatymyzyň nyşanlary bolan haly gölleri, rowaçlygyň we parahatçylygyň nyşanlary bolan zeýtun baldajyklary, doganlygy, agzybirligi, durmuşy alamatlandyrýan ýarymaýyň hem-de bäş ýyldyzyň şekilleri ýerleşdirilipdir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda “Türkmenistanyň konstitusiýasy we döwlet baýdagy ýurdumyzyň berkararlygynyň ygtybarly binýadydyr” atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň gatnaşmagynda ylmy- amaly maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň dowamynda “Türkmenistanyň döwlet baýdagy türkmen halkynyň agzybirliginiň, ýurt Garaşsyzlygynyň, döwlet berkararlygynyň nyşanydyr”,“Dünýäniň öňünde belent sarpaň bar, parla sen, pasyrda, Watan baýdagy”, “Öňe barýas seniň bilen ynamly, Arkadagly ilde ýaşyl baýdagym!” hem-de “Milli kanunçylyk binýadymyz döwletimiziň sarsmaz sütünidir” temalar boýunça professor-mugallymlar we talyplar çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisden soňra bäş bölümçede dowam etdi.
Maslahatyň ahyrynda baýramçylyk bilen gutladylar we halkymyzy eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Şamyradowa Şirinjan