Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda behişdi bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk ýörelgelerini dowam etdirmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ilkinji aýynda buýsançly, şatlykly wakalaryň biri hem, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň ençeme döwletiniň gatnaşmagynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, ol ýerde türkmen ýigitlerimiz at üstündäki milli oýunlarymyz bilen üstünlikli çykyşlary ýerine ýetirip, ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladyp, festiwalyň birnäçe ýörite baýraklaryna, iň esasysy hem Altyn baýraga mynasyp bolmagydyr.
Şu nukdaýnazardan, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan ajaýyp üstünliginiň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek hem-de dabaralandyrmak maksady bilen, 30-njy maýda Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Galkynyş – Türkmenistanyň buýsanjy” atly hekaýa, oçerk we esse ýazmak boýunça yglan edilen bäsleşigiň netijeleri jemlendi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça hekaýa ýazmakda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby Ýazmuhammet Aşyrmuhammedow I orna, Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Bägül Saparowa II orna, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Güljennet Hydyrowa III orna mynasyp boldylar.
Bäsleşikde oçerk ýazmak boýunça Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Aýnur Şyhyýewa I orna, Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Ogulgerek Zakirjanowa we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby Pena Toýlyýew II orna, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 3-nji ýyl talyby Guwanç Ödäýew, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby Muhammetnur Çaryýew Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň 3-nji ýyl talyby Selbi Huwjerowa III orna mynasyp boldylar.
Esse ýazmak boýunça Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby Baýramhan Röwşenkulyýew I orna, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Mähri Gurbanowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Göwher Annanazarowa we Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Reýhan Maratowa II orna, Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Ogulşat Serdarowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Enejan Mahmedowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 3-nji ýyl talyby Bagtyýar Gurbanberdiýew we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Daýanç Akmämmedow III orna mynasyp boldylar.
Bäsleşikde gatnaşyjylaryň ählisi okamaga, döretmäge we ylym bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri üpjün edip, özleri barada yzygiderli alada edýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Serdar MUMINOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy