Türkmen oba hojalyk institutynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak syýasaty ýurdumyzda ekologiki abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň kepilidir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işi, howanyň üýtgeýän şertlerinde ekologik ýagdaýy gowulandyrmak hem-de sebitiň suw serişdelerinden toplumlaýyn peýdalanmak üçin sebitiň döwletleriniň alyp barýan işleri, suw hojalyk, ekologik we durmuş-ykdysady meseleleri çözmek boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkara guramalar bilen gatnaşyklar ýaly meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Umumy mejlisden soňra ylmy-amaly maslahat öz işini “Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň döwlet ekologiýa syýasaty – durnukly ösüşiň we ýaşyl ykdysadyýetiň binýady”, “Daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr”, “Biodürlüligi gorap saklamak durnukly ösüşiň möhüm meseleleriniň biridir”, “Türkmenistanyň aralýaka sebitiniň ekologiki ýagdaýyny gowulandyrmagyň möhüm meseleleri” “Ekologiki bilim, terbiýe we medeniýet häzirki döwrüň wajyp we gaýragoýulmasyz meselesidir” atly bäş sany bölümçelerde dowam etdi.
Tebigaty, ilatyň saglygyny, biologik dürlüligi goramak, ýer, suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramakda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy baradaky meselelere seredildi.
Daşky gurşawy goramak we ekologiýany durnukly saklamak babatynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler döwletimiziň bu babatda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny doly berjaý edýändigini tassyklaýar.
Aýnabat Kerimowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy