Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmaklyk ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda diýarymyzda türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmek, ony goramak we soňky nesillere ýetirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu işlere institutymyzyň mugallymlary we talyplary hem özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Taryhdan belli bolşy ýaly ýurdumyz dünýä belli alymlaryň, danalaryň, akyldarlaryň we taryhy şahslarynyň mesgeni hasaplanýar. Diýarymyzda ýaşap geçen taryhy şahslary we taryhy ýadygärlikleri öwrenmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyz hasaplanýar. Welaýatymyzyň taryhy şahslaryny we taryhy ýadygärliklerini öwrenmek maksady bilen 2025-nji ýylyň 18-nji iýunda jemgyýeti öwreniş ylymlar kafedrasynyň gurnamagynda Mahmyt Zamahşarynyň doglan gününiň 950 ýyllygy mynasybetli institutyň talyplary bilen welaýatymyzyň Görogly etrabynda ýerleşýän Yzmykşir galasyna gezenç guraldy. Gezelenjiň dowamynda talyplara bu galanyň uzak geçmişli taryhy hakynda söhbetler edildi. Söhbetdeşlikde talyplara galanyň b.e. öňki III asyrda oba görnüşinde dörändigi, Kuşanlar döwründe obanyň çäginiň giňelip başlandygy, afrigiler döwründe bolsa daşyna diwar aýlanyp gala görnüşe getirilendigi barada maglumatlar berildi. Galanyň Çermenýap kanalynyň ugrunda ýerleşip, kiçiräk gämi duralgasy hökmünde hereket edendigi belenildi. Araplaryň Horezme gelmegi bilen galanyň ösüşiniň täze tapgyry başladygy, esasan hem, onuň X-XIII asyrlarda has-da gülläp ösendigi bellenildi. Şeýle hem gezelenjiň dowamynda galanyň içki gurluşy, binagärçiligi, öwrenilişi barada maglumatlar berildi. Talyplara galada doglan belli taryhy şahslar barada söhbetler edildi. Talyplar bilen galanyň töwreginde ýerleşýän Mahmyt Zamahşarynyň mawzoleýine zyýarat edildi. Zyýaratyň dowamynda talyplara bu alymyň ömri-döredijiligi barada gyzykly maglumatlar berildi.
Gezelençden soňra talyplar bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Olaryň bu gürrüňdeşlikde gezelenjiň özlerinde ýakymly täsirler galdyrandyklaryny bellediler. Özlerinde ata-babalarymyza bolan buýsanjyň artandygyny belläp geçdiler.
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy
Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW