Mahmyt Zamahşarynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

Täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlaryň milli ruhly, päk ahlakly, giň dünýägaraýyşly, ilhalar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şöhratly taryhymyzy, ganatly edebiýatymyzy öwrenmek, wagyz etmek, talyp ýaşlaryň bu babatdaky düşünjelerini artdyrmak, dünýägaraýyşlaryny giňeltmek maksady bilen Türkmen oba hojalyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda Mahmyt Zamahşarynyň doglan günüiň 950 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 18-nji maýynda «Mahmyt Zamahşary we Gündogaryň ylmy-edebi mirasy» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahatyň umumy mejlisiniň dowamynda institutyň mugallymlaryň we talybyň çykyşy diňlenildi. Çykyş edenler Mahmyt Zamahşarynyň şahsy durmuşy, bilim alan ojaklary, ylym alan ussatlary, ýaşan we işlän ýerleri, ýetişdiren şägirtleri, alan derejeleri we tahalluslary, öwrenen ylym pudaklary barada gyzykly we täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle hem çykyş edenler awtoryň ýazan eserleri, olaryň ylym äleminde hem-de özüp gelýän ýaş nesli kemala getirmekdäki ähmiýeti dogrusynda hem çuňňur manyly gürrüňler etdiler.

Edilen çykyşlarda milli mirasymyzy, taryhymyzy, medeniýetimizi öwrenmek, wagyz etmek üçin ýurdumyzda ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigi, «Horezmiň guwanjy» adyny alan beýik alymyň ylmy mirasynyň ähmiýeti nygtaldy. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjy talyplar çykyş eden mugallymlara özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler. Mugallymlar berlen soraglara giňişleýin jogap berip, Mahmyt Zamahşarynyň eserleriniň ähmiýeti, alymyň ýaşan döwrüniň aýratynlyklary dogrusynda gyzykly gürrüň berdiler. «Mahmyt Zamahşary we Gündogaryň ylmy-edebi mirasy» atly ylmy-amaly maslahat täsirli geçdi.

Mahmyt Zamahşary we Gündogaryň ylmy-edebi mirasy» atly ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby
Bägül SAPAROWA