Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Bu günki günde Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmeler her bir türkmenistanlyny däl eýsem bütin dünýäniň halklarynyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýoly bilen ösüşiň täze tapgyrynda Milli Lidermiziň alyp barýan syýasatynyň halk bähbitli, haýyrly ugurlarynyň biri-de bazar ykdysadyýetini çuňlaşdyrmakda bitirilýän işlerdir. Biz hem muňa jogap edip Türkmen oba hojalyk institutymyzda 2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynda hereket edýän “Sanly ykdysadyýet” we “Başarnykly buhgalter” ylmy-barlag gurnaklarynyň we Ýaş alym geňeşiniň guramagynda haýyr-sahawat çäresi geçirildi. Bu çärä institutymyzyň ylmy gurnaklarynyň, mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde “Jogapkärçilikli sarp edişlik” ýaly maksatlara ýetmekde talyplaryň bilimini artdyrmak maksady bilen “Ýaşlaryň zähmeti ýagşylyk ýolunda” atly haýyr-sahawat çäresi geçirildi.
Haýyr-sahawat çäresine ylmy gurnaklaryň agzalary we okaýan talyplary hem-de mugallymlary özleriniň dürli görnüşli el işlerini getirdiler we isleg bildirýän taraplara ýerlenildi. Çäräniň dowamynda toplanan pul serişdeleri çagalar öýüne tabşyryldy.
Talyp ýaşlarymyzyň gelejekde öz saýlap alan ýoly bilen geljekde watanymyza ýurdumyza ilimize, gerekli watansöýüjülikli ýaş nesillerimiziň kemala gelmeginde, Prezidentimiziň hemişe ýatda saklamaly şeýle ajaýyp sözleri bar: ”Kimiň ýürek urşy biziň ýurdumyzyň döredijilikli zähmetine goşulýan bolsa, şol adam bagtlydyr” diýip nygtap geçýär. Milli Liderimiz her bir adamyň halal zähmeti, akyl-paýhasy, aň-düşünjesi bilen öz bagtyna eýe bolmagy üçin döwletiň kuwwatly güýjini halkyň hyzmatynda goýýar. Durmuşda öz ornuňa eýe bolmak bolsa, her bir adamyň özüne bagly.Tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy ugur edinýän beýik maksatlara ýetmek ugrunda ynamly öňe barýar watanymyz ägirt uly wezipeleri öz içine alýan beýik Maksatnamalary kabul edýän we maksatlara ýetmegiň aýdyň ýoluny görkezýän Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys goý onuň jany sag başy dik tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy
Akja Batyrowa