Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary netijesinde ýurdymyzyň ykdysadyýeti gün saýyn ösýär özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilime ylyma berilýän uly ähmiýetiniň miwesi hökmünde ýaşlarymyzyň maksat edinýän wezipäni üstünlikli çözmekde geljegi uly ösüşlere beslenýän ýörelgeleriň biri hem täze (innowasion) tehnologiýalary ulanmakdan ybaratdyr.
Türkmen oba hojalyk institutynda 2025-nji ýylyň 11-nji iýunynda Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynda hereket edýän “Sanly ykdysadyýet” we “Başarnykly buhgalter” ylmy-barlag gurnaklary tarapyndan talyplaryň arasynda “Mikro, kiçi we orta telekeçilik güni mynasybetli” “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde telekeçiligiň orny” atly akyl giňişligi bäsleşigi geçirildi.
Akyl giňişligi bäsleşiginiň dowamynda dürli ugurlara degişli gyzykly zehin soraglary berildi.
Bäsleşigiň netijesinde I orna “Informasion-gurşaw” gurnagy, II orna “Kämil agrohimik” gurnagy, III orna “Inžener-meliorator” gurnagy we ol gurnagyň düzüminde “Ýüpek ýoly” gurnagy mynasyp boldular.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Oba hojalygyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi
Magtymguly Begmedow