TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY ÖŇDELIGI EÝELEDI

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejesindäki ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakyndaky Düzgünnama” laýyklykda, 2024-2025-nji okuw ýyly boýunça ýurduumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda reýting bahalandyrmasy geçirildi. 2022-nji ýyldan başlap işe girizilen sanly reýting portaly (milli reýting ulgamy) ýurdumyzda ýokary hünär bilimi edaralarynyň professor-mugallymlarynyň işini halkara derejesinde ykrar edilen 53 sany görkeziji boýunça deňeşdirme seljerme geçirýär.

2024-2025-nji okuw ýylynyň jemleri boýunça milli reýting ulgamynda Türkmen oba hojalyk instituty öňdeligi eýeledi. Şeýle hem aýratyn ugurlar boýunça Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hem-de Agronomçylyk fakultetleriniň görkezijileri, Amaly mehanika kafedrasynyň görkezijileri hem-de Amaly mehanika kafedrasynyň uly mugallymy Döwlet Durdyýewiň we Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy Ýusupbaý Ermetowyň görkezijileri ýokary netijeleri gazandy.

Batyr ALIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň ylym bölüminiň hünärmeni