Gün geldigiçe özgerýän dünýä durmuşynda bilimler, ylmy açyşlar ösüşleriň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edilýär. Şol sebäpden-de biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlary döwlet durmuşynyň strategik ulgamlary hasaplanýar. Ony ösdürmäge, ýaşlaryň bilimli hem sowatly bolup ýetişmegine ummasyz maliýe serişdeleri goýberilýär. Ýaş zehinleri gözläp tapmak, olaryň jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapmagy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmek maksady bilen ýörite merkezler döredilýär. Iň täze kompýuterler, dil öwrenmäge niýetlenen kämil lingafon enjamlary, multimediýa serişdeleri hem internet şol merkezlerde hökmany gurnalýan serişdeleriň sanawynda ilkinji orunda durýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda giň gerimli amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzyň, ýaşlaryna berilýän umumy bilim, çagalarda iň gymmatly ukyp-başarnyklary açmaga hem ösdürmäge uly amatlyklary döredýär. Okuw-terbiýeçiligiň interaktiw usulyna geçirilmegi bolsa bu işiň netijeliligini has hem ýokarlandyrmagyň oňat serişdesine öwrülýär.
Bilimleriň hem ylymlaryň gaýtadan galkynmagyna ak ýol açan Berkarar döwletimiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwriniň mähriban ilimize eçilen şuglaly menzillerini sanlar ýa maglumatlar bilen sanamak çetin. Ösüşleri bagyşlan döwrümize buýsanç bu gün bagtyýar ýaşlaryň ýüreginde ýaşaýar, halkymyzyň ykbalyny arşa göterýär.
Häzirki döwürde ylym döwrüň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Ýaşlara bu babatda iň uly orun berilýär. Alym Arkadapymyzyň, il-günümiziň hak Howandary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagy bilen galkynýan türkmen ylmy bu günki günde täze, birnäçe ýyl mundan ozal arzuw hem edilmedik belentliklerine çykýar. Ylmyň binýady bilimden tutulýar.
Günsaýyn kämilleşýän bilim bolsa biziň ýagty geljegimiz, süýji umytlarymyzyň seresi bolan ýaşlara bagt berekedini eçilýär. Bilimli bolup durmuşda öz ornuny tapmak her bir türkmen ýigidiniň hem gyzynyň iň uly arzuwydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň badalga beren bilim özgertmeleri ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmaga, ýaşlara bilimlere ak ýol açmaga kuwwatly itergi berdi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýokary okuw mekdepleri ýaş dalaşgärlere öz gapylaryny giňden açdylar. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýaşlaryň muňlerçesi göwün söýen hünärine eýe bolmak ugrunda ähli ukyp-başarnygyny orta goýup, arzyly talyplyga ýetýärler.
Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň dabaraly belleniljek ýylynda meniňem çagalyk arzuwlarym wysal tapyp, talyp diýen buýsançly ada eýe boldum. Berkarar döwletimiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýer gatnaşyklaryny we arabaglanyşykly işleri utgaşdyryp alyp barmak, maliýe-karz we salgyt ulgamlaryny kämilleşdirmek, oba hojalyk haryt öndürijilerini maliýe taýdan goldanylyşyny sagdynlaşdyrmak, netijeli azyk bazarlaryny we oba hojalygynda peýdalanylýan maddy-tehniki serişdeleri emele getirmek, obany durmuş taýdan ösdürmek, agrar kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan uly özgertmeleri durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmak arzuwy meni Türkmen oba hojalyk institutyna alyp geldi. Hormatly Prezidentimize çagalyk arzuwlarymyň hasyl bolmagy, maksadymyň myrat tapmagy üçin döredýän ägirt uly mümkinçiliklerine çäksiz sagbolsunlarymy aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýärin!
Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby
Şiriýew Mämed