WYSAL BOLAN ARZUW

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan adyl we adalatly syýasaty hut şeýle hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen syýasatdyr. Türkmen ýaşlarynyň ykbalyna şuglaly sahypalary ýazýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň muňlerçesi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okap bilim almaga, ylymlar dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik aldylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretler sakasyndan ösmek-örňemek patasyny alan halk hojalygynda täze pudaklar peýda bolýar. Dokma, metallurgiýa, kagyz önümçilikleri ýaly ýurdumyz üçin täze bolan pudaklaryň baýry kärhanalary peýda bolýar, energetika ulgamy güýçli depginler bilen ösdürilýär. Ýurdumyzyň nebit-gaz, agrosenagat toplumlarynyň işi barha ilerleýär. Hormatly Prezentimiziň ýadawsyz aladalary bilen bu ugurlar boýunça ökde hünärmenleri öz Watanymyzda taýýarlamak işi ýola goýulýar. Kämil derejede enjamlaşdyrylan ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi bar bolan uniwersitetlerdir institutlarda täze hünärleriň açylmagy, ylmy merkezleriniň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, döwrümiziň badynyň ylma hem bilime eýlenendigine şaýatlyk edýär. Ylmyň hem bilimiň ösýän-örňeýän ýerinde bolsa hemişe bagt hem eşretler bardyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk pudagyny ykdysady taýdan has girdejili pudaga öwürmäge, bu pudakda ýüze çykýan gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmaga, döwletimizde ösen we köpugurly ykdysadyýeti kemala getirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini halkara ülňüleriniň kadalaryna laýyk getirmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen agrar özgertmelerini durmuşa geçirmäge gatnaşmak arzuwy meni Türkmen oba hojalyk institutyna alyp geldi. Giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, maňa bu ýokary okuw mekdebinde hereket edýän Sanly dolandyryş taýýarlyk ugruna kabul edilen talyplaryň biri bolmak bagty miýesser etdi. Nesip bolsa saýlap alan hünär ugrumyz boýunça ýokary bahalar bilen okap, ökde hünärmenler bolup ýetişerin. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanýan üstünliklerine, eýeleýän belent sepgitlerine mynasyp goşant goşaryn. Berkarar döwletimizde oba hojalygynyň dürli pudaklarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýaly iri obasenagat kärhanalarynda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmäge yhlasly zähmetimiz bilen saldamly goşant goşaryn.

Hormatly Prezidentimize çagalyk arzuwlarymyň hasyl bolmagy, maksadymyň myrat tapmagy üçin döredýän ägirt uly mümkinçiliklerine çäksiz sagbolsunlarymy aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýärin!

Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby
Ýusupow Begenç