Şanly senä bagyşlandy

Türkmen oba hojalyk institutynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 şanly toýunyň halkara derejesinde baýram edilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden we dabaraly bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli “Watan diňe halky bilen Watandyr – Döwlet diňe halky bilen döwletdir” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Türkmen oba hojalyk institutynyň Medeniýet merkezinde şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen aýdym-sazly çäresi ýokary okuw mekdebiniň bagtyýar talyplarynyň taýýarlan edebi-sazly çykyşy bilen başlandy. Toý lybasyna beslenen institutyň Medeniýet merkezinde “Bagtyýarlyk joşguny” döredijilik toparynyň aýdymçylary çykyş edip, özleriniň hoş owazlary bilen dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda eziz Watanymyzyň bedew batly ösüş-özgerişler, şowly üstünlikler giňişleýin beýan edildi.

Baýramçylyk çäresinde bagtyýar döwrümiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleriniň, halkymyzyň ýokary derejede, şowhunly toýlaýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramyň waspyny belentden ýetirýän tanslar baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan professor-mugallymlaradyr, talyp ýaşlara baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Bu gün merdana türkmen halkynyň belent ykbaly, beýik ösüşlere ak ýol gülleýär. Bu gün halkymyzyň erkanalyk, Garaşsyzlyk duýgulary watan ykbaly bilen sazlaşyp, bagtyýar geljege röwşen nuruny saçýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmeniň belent ykbally geljegi bolup, ýaşaýyş mukamynyň şirin owazyna öwrülip, jümle-jahana ýaň salýar.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ylym-bilim alýan ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza talyp ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Bahar ÝUSUPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy,
Biologiýa ylymlarynyň kandidaty