Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” dabaraly bellenilýän Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem adalatly ýolbaşçylygynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň gözümiziň göreji deýin goralyşyny, onuň sazlaşykly we döredijilikli ösdürilişi baradaky buýsançlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň daşynda mäkäm jebisleşip, bagtyýarlyk ýoly bilen bedew batly öňe barýan halkymyzyň agzybirliginiň, belent buýsanjynyň, ruhy joşgunynyň, döredijilik ylhamynyň esasy çeşmesi ― şöhratly Garaşsyzlygymyzdyr. Ýaşaýşyň her bir pursatyny şatlyk-dabaralara öwürmek üçin däp-dessurlary, toý-tomaşalary döreden halkymyzyň durmuşyny häzir Garaşsyzlyk eýýamynda dörän şanly seneler, toý-dabaralar bilen utgaşyp döwrümizi, ömrümizi has-da bagtyýarlyga öwürýär – diýlip çykyşlarda giňişleýin gürrüň berdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň halkara bilim giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýan döwründe bagtyýar talyp ýaşlara ýokary hilli bilim bermek ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Mähriban halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýetip gelýän şanly sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar.

Bahar ÝUSUPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy,
biologiýa ylymlarynyň kandidaty.