Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygy, öňdengörüjiligi we parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Täze taryhy döwrüň möhüm ugurlarynyň biri hem bilim ulgamyny kämilleşdirmekdir. Çünki ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak ylmy taýdan taýýarlanan, ýokary hünärli hünärmenleriň başarnygyna baglydyr. Şu ugurda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ösüşler we özgerişler” atly ylmy-amaly maslahatyň ýokary derejede geçirilendigini bellemelidiris. Maslahata professor-mugallymlar, hünärmenler hem-de talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar.

Guramaçylykly geçen maslahatda çykyş edenler bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýeti, gazanylýan üstünlikler we öňde durýan wezipeler barada täsirli pikirlerini beýan etdiler. Aýratyn hem “Türkmenistan - ÝUNESKO: bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we netijeleri”, “Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitaby – nesilleriň terbiýe mekdebidir”, “Hormatly Prezidentimiziň kämil ýaş hünärmenleri taýýarlamak ugrunda amala aşyrýan özgertmeleri”, “Dünýäde bilim ulgamynyň ösüşi”, “Ylym-bilimi ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr”, “Ylmy-tehnologiki ösüşler ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýjüdir”, “Paýhas çeşmesi” kitabynda ylym-bilim baradaky pähimleriň ähmiýeti” ýaly temalar boýunça edilen çykyşlar täsirli boldy.

Maslahatda bellenilişi ýaly, Türkmen oba hojalyk institutynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, ýokary tizlikli internetiň elýeterli edilmegi halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilik açýar. Bu mümkinçilikleriň esasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem ylym-bilim merkezleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklar we wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.

Bu ýagdaý ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, bilim-terbiýeçilik, ylym, sport hem-de medeni-köpçülik çärelerini giňden şöhlelendirmekde sanly ulgamdan netijeli peýdalanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler ähli gatnaşanlary Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür we beýik işleri alyp barmakda üstünlikler arzuw etdiler.

Timur ELTEZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallym-öwrenijisi