“Gündelik durmuşymyzdaky ykdysady hadysalar” atly ylmy seminary geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti yzygiderli ösdürilýär. Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynda hereket edýän “Sanly dolandyryş” ylmy gurnagy talyplaryň arasynda “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ykdysady ösüşler bilen baglylykda “Gündelik durmuşymyzdaky ykdysady hadysalar” atly ylmy seminaryny geçirdi.

Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby U.Rahmetjanowa, Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 4-nji ýyl talyby J.Garaýewyň, Agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby R.Miriýewanyň çykyşlary beýlekilerden has tapawutlandy.

Ylmy seminaryna gatnaşan talyplar we mugallymlar gündelik durmuşymyzdaky ykdysady hadysalar barada özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogaplary aldylar. Çäre örän gyzykly geçdi diýip seminara gatnaşyjylar bellediler we öz minnetdarlygyny bildirdiler, şeýle şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Humaý ÇARYÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy