Italiýa Respublikasynyň Witerbo şäherindäki Tuşiýa uniwersitetinde okuwlar geçirildi

2025-nji ýylyň 29-njy sentýabryndan 3-nji oktýabry aralygynda Italiýa Respublikasynyň Witerbo şäherinde “Merkezi Aziýa – Italiýa” formatyndaky meýilnamasynyň çäklerinde Suw çeşmelerini durnukly dolandyrmak meselelerine bagyşlanyp geçirilen tomusky okuwlaryna Türkmenistanyň bilim ministrliginiň we Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuwyň maksady oba hojalygynda suw serişdelerini rejeli ulanmak, innowasion suwaryş ulgamlaryny ornaşdyrmak we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak baradaky täze halkara tejribeleri öwrenmekden ybarat boldy.

Okuwda häzirki zaman oba hojalygynda ýüze çykýan esasy meseleler, üýtgeýän howa şertleri we ekologik ýagdaýlar boýunça ylmy-amaly çykyşlar diňlenildi. Onda damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň artykmaçlyklary, suwy tygşytly ulanmak strategiýalary, ýerleriň durnuklylygyny saklamak boýunça täze çemeleşmeler giňişleýin beýan edildi. Meýdan tejribeliginde gatnaşyjylar Tuşiýa (Tuscia) uniwersitetiniň Okuw tejribe hojalygynda alnyp barylýan suwaryş ulgamlarynyň işi bilen tanyş boldular. Şeýle-de okuwyň çäklerinde suw tygşytlaýjy enjamlaryny öndürýän TORO kärhanasynda suwaryş enjamlarynyň önümçiligi, täze sensor tehnologiýalary we H2OCAD atly suwaryş taslama programmasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. ARSIAL oba hojalyk barlag merkezine guralan saparda guraklyga durnukly ösümlikler, toprak we suw gözegçilik ulgamlary, IoT (Internet of Things) tehnologiýalary boýunça tejribe alyşmalar geçirildi. Maccarese oba hojalyk kärhanasynda bolsa sanly we takyk oba hojalygy boýunça häzirki zaman çözgütleri, ýokary hasyl berýän bag ekiş ulgamlary, zyýankeşlere garşy awtomatiki dolandyryş serişdeleri hem-de biogaz önümçiligi boýunça ylmy işler bilen tanyşmak mümkinçilikleri döredildi. Okuwyň jemleýji gününde ösümlikleriň suwsuzlyk şertlerindäki ýagdaýyny öwrenmek boýunça tejribe synaglary, şol sanda Arcadia spin-off merkeziniň ýokary önümçilikli fenotiplendirme platformasynyň ulanylyşy görkezildi.

Türkmenistanyň wekilleriniň bu okuwda gatnaşmagy ýurdumyzyň oba hojalygynda suw serişdelerini dolandyrmak, ýerleriň durnuklylygyny üpjün etmek we ekerançylygyň hasyllylygyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň halkara tejribesi bilen utgaşmagyna uly goşant goşar. Bu okuwlar arkaly hünärmenler suwaryş ulgamyny sanly görnüşde dolandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak hem-de ekinleriň ösüşine gözegçilik etmek boýunça täze bilimler aldylar. Şeýle halkara hyzmatdaşlyklary ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň ylym-bilim derejesini ýokarlandyrmaga, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ýerli şertlerde ornaşdyrmaga, şeýle hem suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna ýardam berer.

Italiýanyň Tuşiýa uniwersitetinde geçirilen bu okuw Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň giňelýändiginiň hem-de oba hojalygynyň innowasion ösüş ýoluna ygrarlylygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Serdar MUMINOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ýaş Alymlar geňeşiniň başlygy