S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň Saýlantgy tohumçylyk we tejribe hojalygynda Daşoguz welaýatynyň çäginde pagtaçylykda we oba hojalygynda tanymal, tejribeli ussat kärendeçiler bilen söhbetdeşlik guramaklyk arkaly talyp ýaşlary ylma bolan höwesini ýokarlandyrmak şeýle hem talyplaryň alan bilimlerini önümçilik bilen utgaşdyrmak, halypa şägirtlik ýol-ýörelgelerine eýerip ussat kärendeçileriň tejribelerini paýlaşmak maksady bilen ussatlyk okuwy geçirildi.
Ussatlyk okuwyna Türkmen oba hojalyk institutynda hereket edýän ylmy gurnaklaryň işjeň agzalary, talyp ýaşlar we S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň Saýlantgy tohumçylyk we tejribe hojalygynyň müdiri Kadabaý Sultanow gatnaşdy.
Kadambaý Sultanow talyplary ilki bilen hojalykda alnyp barylýan ylmy işler, hojalygyň önümçilik ugry bilen gysgaça tanyş etdi. Soňra talyplara dünýäde we ýurdumyzda pagtaçylyk işi we olaryň tohumçylygyny kämilleşdirmek boýunça alyp barylýan işler boýunça täsirli gürrüňleri berdi we talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen tejribeli hünärmen bilen özara pikir alyşdylar. K.Sultanow hojalygyň gowaça ekilen meýdanyna talyplar bilen tohumlyk gowaçanyň hasylyny ýygnamaklygyň usulyýetini iş ýüzünde düşündirdi. Tejribeli oba hojalyk işgäri öňdebaryjy hojalykda pagtaçylykda ulanylyp başlanan öňdebaryjy tehnikalar we ösdürip ýetişdirmekde ulanylýan täze tehnologiýalar, dökünleriň we himiki serişdeleriň görnüşleri barada aýdyp geçdi. Mundan başga-da hojalykda ösdürilip ýetişdirilýän gowaçalaryň ählisiniň ekine bildirilýän talaby ödeýän we tehnikalar bilen ýygmaga ukyplydygy we hil görkezijisi, hasyllygy boýunça boýunça öňdebaryjylygy eýeleýändigini nygtady. K.Sultanow pagtaçylyk boýunça ýokary görkezijiler gazanmak boýunça özüniň zähmet tejribesini talyplar bilen paýlaşdy.
Ussatlyk okuwynyň soňunda ussatlyk okuwyny jemi jemlenildi. Geçirilen ussatlyk okuwy boýunça ýüze çykan soraglara K.Sultanow jogap berdi. Talyplar ussatlyk okuwynda köp gymmatly, gyzykly maglumatlary alandygyny bellediler. Ussatlyk okuwyny jemlemek üçin “Innowosion Agronomçylyk” ylmy gurnagynyň ýolbaşysy Gurbanjemal Abdyýewa çykyş etdi. Ol ussatlyk okuwyna gatnaşan talyplary, S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň Saýlantgy tohumçylyk we tejribe hojalygynyň müdiri Kadambaý Sultanowy bütindünýä pagta güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Gurbanjemal ABDYÝEWA,
“Innowosion Agronomçylyk” ylmy gurnagynyň ýolbaşysy