“Ýüpek ýoly-dostluk-doganlyk ýoly” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynda hereket edýän “Şöhratly taryh” ylmy-barlag gurnagy talyplaryň arasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli “Ýüpek ýoly-dostluk-doganlyk ýoly” atly ylmy-amaly maslahatyny geçirdi.

Çykyşlaryň arasynda “Ýüpek ýolynyň döreýiş taryhy” baradaky Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Şatlyk Hudaýberdiýewiň, “Gadymy Merw-müňýyllyklaryň şaýady” ady bilen Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aýna Badakowanyň we şol hünariň talyby Roza Miriýewanyň “Amul Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda” atly çykyşlar has täsirli bolup diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi.

Çykyşlar tamamlandan soň, her bir ylmy nutuk boýunça sorag-jogap alyşmak bilen talyplaryň arasynda dartyşmalar guraldy. Çykyş edenler nutuklarynda tehniki serişdelerden ýerlikli peýdalanyp, çykyşlarynyň has hem täsirli bolmagyny gazanmagy başardylar.

Soňra ylmy-amaly maslahaty jemlemek üçin Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Aýjeren Tagandurdyýewa çykyş etdi. Ylmy çärä gatnaşan talyplary we mugallymlary ýetip gelen Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady we ylmy-amaly maslahata işjeň gatnaşan we çykyş eden talyplara, fakultetiň dekanlygynyň, institutyň ylym bölüminiň we rektorlygyň adyndan minnetdarlyk bildirdi.

Orazmät REJEPOW,
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy