Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary ýokary depginde ösdürilýär. Şeýle ösüşleriň netijelerini dünýä jemgyýetçiligine görkezmek maksady bilen guralan “Saglygy goraýyş, bilim we sport – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi şu gün öz işine başlady.
Sergi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek, ýaş nesli döwrebap bilim almak, beden we ruhy taýdan kämilleşmek ugrunda durmuşa geçirýän beýik başlangyçlarynyň aýdyň netijesini görkezýär.
Bu halkara sergi ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň, hususy kärhanalarynyň, şeýle hem daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirilýär. Serginiň esasy maksady – bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda gazanylan üstünlikleri, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgam arkaly alnyp barylýan işleri giň jemgyýetçilige tanatmakdyr.
Türkmenistanyň Oba hojalyk instituty hem bu halkara sergä gatnaşyp, ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň, döwrebap bilim tehnologiýalarynyň we ýaş hünärmenleriň taýýarlyk derejesiniň görkezilmeginde mynasyp orun eýeledi. Institutyň taýýarlan ekspozisiýasynda talyplaryň we mugallymlaryň ýerine ýetiren ylmy we amaly işleriniň, innowasion taslamalarynyň, şeýle hem oba hojalygyny sanlylaşdyrmak bilen bagly maglumatlaryň sergisi görkezilýär.
Sergä gelen myhmanlar institutymyz barada görkezilen maglumatlary uly gyzyklanma bilen synlap, ýaş hünärmenleriň taýýarlyk derejesine ýokary baha berdiler. Şeýle hem bu çäre ýaş nesliň döredijilik ukybyny, ylma bolan gyzyklanmasyny we täzeçil pikirlenme ukybyny ösdürmäge uly itergi berýär.
Bu sergi diňe bir ýurdumyzyň jemgyýetçilik-ykdysady ösüşleriniň gazananlaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, tejribe alyşmaga, täze pikirleri we tehnologiýalary ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň biri döwrebap, döredijilikli pikirlenýän, giň dünýä garaýşy bolan hünärmenleri taýýarlamakdyr. Şunuň ýaly halkara derejeli sergilere gatnaşmak hem talyplaryň we mugallymlaryň halkara derejesindäki gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, ylmy işleriň dünýä derejesinde tanalmagyna ýardam berýär.
Türkmenistanyň Oba hojalyk instituty geljekde hem şeýle halkara çärelerde işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşine we halkara abraýynyň ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşar.
Serdar MUMINOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy