“Bütindünýä Fizika güni” mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda ýaşlaryň arasynda ylmy ugurdan gyzyklanmalary artdyrmak maksady bilen sanly ulgam arkaly test bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 11-ne institutymyzyň “Täsin fizika” atly talyplaryň ylmy gurnagynyň meýilnamasyna laýyklykda “Fizikanyň syrly älemi” ady bilen guraldy.
Sanly ulgam arkaly geçirilen bu bäsleşige institutymyzyň “Kämil agrohimik”, “Şöhratly taryh”, “Täsin fizika” gurnaklarynyň agzalary hem-de fizika ylmyna aýratyn gyzyklanma bildirýän talyplar gatnaşdy.
Bäsleşik 30 soragdan ybarat bolup, onuň maksady talyp ýaşlaryň fizika boýunça bilim derejesini has-da ýokarlandyrmak, ylma bolan höwesini artdyrmak, şeýle hem döredijilikli pikirlenmäge ruhlandyrmakdan ybarat boldy.
Çekeleşikli geçen bäsleşikde üstün çykmagy başaran talyplar institutyň höweslendiriji sylaglaryna mynasyp boldular. Netijeler boýunça Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 101-nji toparynyň talyby Merdan Taňryberdiýew 1-nji orna, Agrohimiýa we agrotopragy öwreniş hünäriniň 302-nji toparynyň talyby Aknur Saparmuradowa hem-de Agroinženerçilik taýýarlyk ugrunyň 302-nji toparynyň talyby Ejegyz Kakamyradowa 2-nji orna, Agroekologiýa hünäriniň 401-nji toparynyň talyby Eziz Ahmedow, Gidromeliorasiýa hünäriniň 301-nji toparynyň talyby Aýzada Allakowa we Ýyladyşhana hojalyk hünäriniň 201-nji toparynyň talyby Roza Miriýewa 3-nji orna mynasyp boldylar. Ýeňijiler Hormat hatlary bilen sylaglandy.
Bäsleşige gatnaşyjylar ylym-bilim boýunça dünýä derejesinde üstünliklere ýol açýan, ýaşlaryň döwrebap ylmy tejribe edinmegine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.
Şyhmyrat KOWUSOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Tebigy bilimler kafedrasynyň mugallymy