Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýaş nesilleriň okap bilim almaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Hut şu nukdaýnazardanam, talyplaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutymyzda Ýaş alymlar geňeşiniň düzüminde birnäçe talyplaryň ylmy gurnaklary hereket edýär. “Kämil agrohimik” ylmy gurnagynyň guramagynda şu ýylyň 15-nji oktýabrynda ýaş mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda Oba zenanlarynyň halkara güni mynasybetli “Türkmen zenanlarynyň ylymda gazanan üstünlikleri” atly ylmy seminar geçirildi.
“Oba zenanlarynyň halkara güni” mynasybetli geçirilen bu seminaryň dowamynda institutymyzda okap bilim alýan talyp ýaşlaryň birnäçesi, ýagny Miriýewa Roza, Primkulowa Nargiza, Rajapowa Maftuna, Şyhmuhammedowa Şemşat, Hudaýberdiýewa Leýla, Saparmyradowa Aknur ýaly talyplar özleriniň taýýarlan prezentasiýalary bilen täsirli çykyş etdiler. Esasan-da, ýokary okuw mekdebimiziň Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Şemşat Şyhmuhammedowanyň “Oba zenanlarynyň ylymda gazanan üstünlikleri”, Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nargiza Pirimkulowanyň “Aýal-gyzlary ylma höweslendirmek” diýen temalarda eden çykyşlary we eden teklipleri has-da täsirli boldy. Seminarda saýlanyp alnan temalaryň we çykyşlaryň aglaba bölegi ýurdumyzda, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletlerinde ylymda uly üstünlikler gazanan zenanlara bagyşlandy.
Şu pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda okap bilim almaga, öz ukyp başarnyklarymyzy ýüze çykarmaga şeýle mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Aýnabat KERIMOWA,
Bagbançylyk we gök ekerançylyk
kafedrasynyň uly mugallymy