“Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde bütindünýä söwdasynyň geljekki mümkinçilikleri we ösüşi” atly seminar geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba senagat toplumy bilen bir hatarda söwda ulgamy hem giň gerimli ösdürilýär. Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynda hereket edýän “Sanly dolandyryş” ylmy gurnagy institutymyzyň talyplarynyň arasynda Bütindünýä söwda güni mynasybetli “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde bütindünýä söwdasynyň geljekki mümkinçilikleri we ösüşi” atly ylmy seminary geçirdi.

Şöhratly taryh ylmy gurnagynyň agzasy R.Miriýewa, Agroinžener ylmy gurnagynyň agzasy N.Primkulowa, Täsin fizika ylmy gurnagynyň agzasy O.Matiýewanyň çykyşlary beýlekilerden has tapawutlandy.

Ylmy seminaryna gatnaşan talyplar we mugallymlar söwda gatnaşyklarynyň taryhy we ösüşi hem-de geljekki mümkinçilikleri barada gyzykly maglumatlary aldylar.

Şirinjan ŞAMYRADOWA,
Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda)
taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby