Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilime uly üns berilýär, nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimize döwrebap bilim we terbiýe berilýär. Hut şu nukdaýnazardan, talyplaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk inistitutymyzda Ýaş alymlar geňeşiniň düzmünde birnaçe talyplaryň ylmy gurnaklary hereket edýär. Informasion gurşaw gurnagynyň guramagynda golaýda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy” atly bäsleşik geçirildi.
Bu bäsleşige institutymyzda okap bilim alýan talyp ýaşlardan düzülen 5 sany “Ýeniş”, “Bitarap”, “Bilimli” , “Sanly ösüş”, “Ýaş programmaçy” atly toparlar gatnaşdy. Bäsleşigiň dowamynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyldy. Netijede “Ýaş programmaçy” toparynyň talyplary ýeňiji boldular.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylym-bilimiň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işleri durmuşa ornaşdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Mekan ALLAÝAROW,
Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi