Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak barada seminar geçirildi

2025-nji ýylyn 16-njy oktýabrynda Türkmen oba hojalyk institutynyn Amaly mehanika kafedrasynyn "Ýas konstruktor" atly talyplaryn ylmy gurnagy institutymyzyn talyplarynyn arasynda Garyplygy ýok etmegin Halkara gününe bagyslap, ylmy seminar geçirdi. Bu ylmy seminar Türkmen oba hojalyk institutynda Ýewropa Komissiýasynyn Erasmus+ maksatnamasynyn çäginde durmusa geçirilýän HWCA ("Merkezi Aziýada howa durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak") taslamasynyn çäginde guraldy. Seminara institutyn talyplary we mugallymlary gatnasdylar. Seminaryn esasy maksady talyplaryn bilim we ylmy isjenligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Çykyslarda durnukly ösüs, denlik, gender denligi we garyplygy ýok etmek meseleleri ara alnyp maslahatlasyldy.

Seminara ähli fakultetlerin talyplary gender denligini üpjün etmek we garyplygy ýok etmek ýaly Durnukly ösüs maksatlaryna ýetmek ugrundaky temalar boýunça ylmy çykyslar etdiler. Her çykysdan son sorag-jogap sessiýalary geçirilip, bu talyplaryn öz bilimlerini gineltmegine mümkinçilik berdi. Çykyslarda tehniki serisdeler we wideo materiallar ginden ulanyldy, bu bolsa seminara gatnasyjylaryn öwrenmegi üçin has gyzykly we netijeli boldy.

Seminaryn ahyrynda Amaly mehanika kafedrasynyn müdiri jemleýji sözi bilen çykys etdi. Ol seminaryn bellenen maksadyna ýetendigini we isjen hem-de guramaçylykly geçendigini belläp geçdi. Ylmy çäre durnukly ösüs, gender denligi ýaly temalar boýunça talyplaryn bilimini çunlasdyrmak, pikir alysmagy ösdürmek we ylmy-barlag islerini höweslendirmek maksady bilen üstünlikli geçirildi. Seminara gatnasyjylaryn aýratyn isjenligi onun ýokary ähmiýetine saýatlyk edýär.

Gozal ABDULLAÝEWA,
Amaly mehanika kafedrasynyn mugally-öwrenijisi