Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär.

Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda “Merdana türkmen alabaýy – keremli tebigatyň ajaýyp peşgeşi” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlygyna öwrülen türkmen alabaýlarynyň öz aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýandygyny hem-de tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanýandygyny bellediler.

Umumy mejlisden soňra ylmy-amaly maslahat öz işini “Türkmen alabaýy Türkmen halkynyň milli buýsanjy”, “Türkmen alabaýynyň baýramynyň milliligi berkitmekdäki we Türkmen däp-dessurlaryny saklamakdaky gymmaty”, “Türkmen alabaýlaryny saklamagyň we iýmitlendirmegiň aýratynlyklary”, “Türkmen alabaýynyň Türkmen medeniýetinde we jemgyýetindäki orny”, “Türkmen alabaýlaryna tälim öwretmegiň aýratynlyklary” atly bölümçelerde dowam etdi.

Bölümçelerde çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaýlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylyk işini alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejesinde ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli amala aşyrylýan işler barada nygtap geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda netijeli işlemäge döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirilip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryň gaýgyrylmajakdygyna ynandyryldy hem-de türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikleriň gazanylmagyny arzuw etdiler.

Atageldi AMANIÝAZOW,
Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy