Bütindünýä statistika güni mynasybetli “Statistikanyň taryhy we ösüşi” atly seminary geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Golaýda, Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynda hereket edýän “Sanly dolandyryş” ylmy gurnagy institutymyzyň talyplarynyň arasynda Bütindünýä statistika güni mynasybetli “Statistikanyň taryhy we ösüşi” atly ylmy seminaryny geçirdi.

Ylmy seminara institutymyzyň talyp ýaşlary hem-de mugallymlary gatnaşdylar. Seminaryň dowaynda birnäçe çykyş diňlenildi, olaryň arasynda Sanly dolandyryş ylmy gurnagynyň agzasy Ş.Şamyradowanyň, Şöhratly taryh ylmy gurnagynyň agzasy R.Miriýewanyň, Kämil agrohimik ylmy gurnagynyň agzasy U.Hanmyradowanyň çykyşlary beýlekilerden has tapawutlandy. Ylmy seminara gatnaşan talyplar we mugallymlar statistikanyň taryhy, onuň durmuşymyzaky orny ösüşi we geljegi barada gyzykly maglumatlary aldylar.

Ylmy seminara gatnaşyjylar biz ýaşlara okamaga, işlemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdýäris.

Gülnabat KASYMOWA,
Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda)
taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby