“Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahaty

Türkmen oba hojalyk instituty 2025-nji ýylyň 17-njy dekabrynda “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýarys.

Halkara ylmy-amaly maslahatynyň resmi iş dilleri - türkmen, iňlis we rus dilleri.

“Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahat umumy mejlis we 3 sany bölümde geçiriler:

I bölüm. Genetika we agrobiotehnologiýada innowasiýalar.

II bölüm. Biogorlar, bioremediasiýa we durnuklylyk.

III bölüm. Oba senagat toplumynda bilim we mümkinçilikleri ösdürmek.

Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň tezislerini 2025-nji ýylyň 6-njy dekabryna çenli şu aşakdaky elektron poçta ibermeli: tohi_tm@sanly.tm; tohi.tm.info@gmail.com.

Çykyşlaryň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti - Times New Roman, ölçegi - 14 pt, setir arasy - 1.

Maslahatyň çykyşlaryň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Maslahat bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň tohi.edu.tm web-saýtynda ýerleşdiriler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

tel: (+99312) 9-27-47; faks: (+99312) 9-27-48

Elektron poçta: tohi_tm@sanly.tm tohi.tm.info@gmail.com.

Guramaçylyk topary