Ekologiýa diplomatiýasyna bagyşlanan çäre geçirildi

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş etdi we birnäçe başlangyçlary öňe sürdi, şol başlangyçlaryň birisi hem Türkmenistan ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça işleri dowam etdirmegi hem-de bu meselelere howpsuzlygy üpjün etmegiň, howa, ekologiýa we tehnogen hadysalara gözegçilik etmegiň köptaraplaýyn gurallaryny döretmek boýunça binýatlaýyn çemeleşme hökmünde yzygiderli esasda garalmagyny maksat edýändigidir.

Şu nukdaý nazardan golaýda Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynda hereket edýän “GeoGIS” talyplaryň ylmy gurnagy tarapyndan “Türkmenistanda suw we howa ýagdaýyny dolandyrmakda ekologiýa diplomatiýasynyň orny” atly toparlaýyn test bäsleşigini geçirildi. Bäsleşige institutyň dürli ylmy gurnaklaryndan talyplar gatnaşdy. Bäsleşik iki tapgyrda geçirildi, örän işjeň, gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Talyplar test soraglaryna jogap bermek arkaly öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň dowamynda talyplar ekologiýa medeniýetini we suwuň tygşytly ulanylyşynyň ähmiýetini giňden ara alyp maslahatlaşdylar. Eminleriň baha berşi boýunça ýokary netije görkezen talyplar toparyna Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. “GeoGIS” talyplaryň ylmy gurnagynyň geçiren bu çäresi talyplaryň ekologiýa düşünjesini artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Aýjemal ARTYKOWA,
Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň uly mugallymy