“Türkmen alabaýy biziň buýsanjymyz” atly düzme ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmaklyk ýylynda” ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara we şanly senelere beslenýär. Bu gün bolsa diýarymyzda türkmen alabaýynyň baýramçylygy uly dabara bilen bellenilýär. Şu şanly sene bilen baglanyşykly ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ylmy-amaly maslahatlar, täsirli duşuşyklar we döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Şol döredijilik bäsleşikleriň biri hem biziň ýokary mekdebimizde geçirildi. Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynda hereket edýän “Şöhratly taryh” atly talyplaryň ylmy gurnagynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 18-23-i aralygynda institutyň talyplarynyň arasynda Türkmen alabaýynyň baýramçylygy mynasybetli “Türkmen alabaýy biziň buýsanjymyz” atly düzme ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige 30-dan gowrak talyp isleg bildirip, özleriniň ýazan düzmelerini hödürlediler. Eminler tarapyndan, 7 sany talyp ýeňiji diýip yglan edildi.

Bäsleşikde Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Agroinženerçilik taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Oguljeren Mätiýewa birinji orna, Agronomçylyk fakultetiniň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 2-nji ýyl talyplary Aýna Badakowa, Roza Miriýewa hem-de Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby Bägül Saparowa ikinji orna, Agronomçylyk fakultetiniň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Uzukjemal Hanmyradowa, Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we agrotopragy öwreniş hünäriniň 2-nji ýyl talyby Nurana Alyýewa we Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Bahar Berdiýewa üçünji orna mynasyp boldy. Geçirilen düzme ýazmak bäsleşiginde ýeňiji bolan talyplar 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Akjagül ATAÝEWA,
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy