Türkmen Oba hojalyk instituty sizi 2025-nji ýylyň 12-13-nji noýabrynda geçiriljek “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
Bäsleşigiň resmi dilleri: türkmen, iňlis we rus.
Bäsleşigiň maksady – talyplary BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryndan gelip çykýan, oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek we suw çeşmelerinden rejeli peýdalanmak ýaly oba hojalygynyň möhüm meselelerini özbaşdak çözmeklige çekmeklik bilen, olaryň ylmy taýdan pikirleniş, ylmy-barlag ukyplaryny we döredijilikli çemeleşme endiklerini ösdürmek bolup durýar.
Bäsleşigiň esasy wezipeleri-oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek we suw çeşmelerinden rejeli peýdalanmak boýunça talyplaryň bilimlerini giňeltmek; ylmy çemeleşmeler boýunça talyplaryň düşünjelerini çuňlaşdyrmak we olary oba hojalyk meselelerini çözmekde ulanmaklygyny gazanmak;talyplary Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde oba hojalygynyň orny bilen tanyşdyrmak; oba hojalygynyň meselelerini ýüze çykarmak we seljermek arkaly talyplarda pikirleniş we ýüze çykýan meseleleri gysga wagtda çözmeklik ukyplaryny ösdürmek; talyplarda durnukly ösüş babatynda jogapkärçilik duýgylaryny terbiýelemek; oba hojalyk pudagy üçin innowasion we amaly çözgütleri işläp taýýarlamak; talyplaryň takyk we tehniki ylymlar, tehnologiýalar we matematika (STEM) babatynda gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak.
Bäsleşik şu aşakdaky ugurlar boýunça geçiriler:
Ylmy-taslama işleri bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň tohi.edu.tm web-saýtynda ýerleşdiriler.
Ähli görkezijiler boýunça toplanan ballaryň jemi esasynda her ugur boýunça I, II we III orunlar kesgitlenilýär. Deň bal toplanan ýagdaýynda ýeňiji Eminler toparynyň agzalarynyň arasynda ses bermek arkaly kesgitlenilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri institutyň rektory tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.
Habarlaşmak üçin: Türkmen oba hojalyk instituty
tel: (+993322) 9-27-47; faks: (+993322) 9-27-48
e-mail:
tohi_tm@sanly.tm;
tohi.tm.info@gmail.com;
baba.kur@gmail.com;.
(Goşundy)