Türkmen oba hojalyk institutynda talyplara hünär derslerini kämil öwretmek we olaryň ylyma bolan gyzyklanmasyny artdyrmak maksadynda yzygiderli işler alnyp barylýar. 29-njy oktýabr güni Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Topragy öwreniş boýunça II internet ders bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak we hünär taýýarlygyny halkara ülňülere laýyk getirmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, institutyň içki portalynyň mümkinçiliklerinde peýdalanylyp geçirildi. Adaty bäsleşiklerden tapawutlylykda, Topragy öwreniş boýunça II internet ders bäsleşigi sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp, döwlet derejesinde geçirildi. Bäsleşige ýurdumyz boýunça 17 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 84 sany ökde talyplary işjeň gatnaşdyrlar. Bäsleşik test görnüşinde geçirildi we düzgünnama laýyklykda öňe saýlanan we ýokary netije görkezen talyplar ýeňiji boldular. Bu bäsleşikde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adynaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň talyplary ýokary netije görkezdiler. Bu bäsleşik Türkmen oba hojalyk institutynyň ýolbaşçylygynda talyp potensialyny açmak we olaryň hünär taýdan ösüşine goldaw bermek strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmenistanyň oba hojalygyny has-da ösdürmek üçin yzygiderli geçirilýän bäsleşikler, ýurdumyzyň obasenagat toplumyna ýokary bilimli, döredijilikli we sanly tehnologiýalary iş ýüzünde ulanyp bilýän kärine ussat hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Ýangiljon Palýazowa
Agrohimiýa we topragy öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy