ÝUNESKO-nyň Samarkandda geçirilen Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisinde 15-nji dekabry Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni diýlip yglan etmek barada möhüm karar kabul edildi. Her ýyl yzygiderli belleniljek bu gün türki dilli halklaryň umumy dil, medeni we taryhy mirasynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
Türk siwilizasiýasynyň taryhynda möhüm waka bilen baglanyşykly bolan bu senäniň saýlanmagy tötänleýin däl. Bu taryhy sene 1893-nji ýylyň 15-nji dekabrynda daniýaly alym Wilgelm Tomsen Orhon ýazgylaryny açmagy bilen baglydyr. VIII asyra degişli bu ýazgylar türki dilleriň umumy köklerini açyp görkezýän we baý medeni mirasyň ykrar edilmegini alamatlandyrýan iň gadymy ýazuw ýadygärlikleriň biridir.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan tarapyndan öňe sürülen şeýle ýatlama gününi döretmek baradaky teklip halkara giňişliginde giň seslenmä eýe boldy. Türkiýäniň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili Gülnur Aýbet bu kararyň guramanyň köp dilliligini, medeni dürlüligini berkitmäge we halklaryň arasyndaky gepleşikleri höweslendirmäge ymtylyşyny görkezýändigini aýtdy.
Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bu teklibiň awtordaşy bolup çykyş etdi, dünýäniň 26 döwleti şol sanda ata Watanymyz Türkmenistan tarapyndan bu taryhy teklip goldanyldy.
Häzirki wagtda umumy taryhy we medeni gymmatlyklary bilen birleşdirilen 200 milliondan gowrak adam türki dillerinde gürleýär.
194 ýurtdan wekilleri ýygnaýan ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň çäginde Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününi bellemek üçin dabaraly çäre geçirildi. Bu dabaraly çärä Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Wengriýanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, alymlar we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda türk medeniýetiniň we mirasynyň ilçisiniň, şeýle hem Turan etno-folklor ansamblynyň çykyşlary diňlenildi.
Bu taryhy waka, türk siwilizasiýasynyň dünýä medeniýetiniň ösmegine we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan goşandynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde möhüm ädim boldy.