Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyplary bilen S.Rozmetow adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň güýzlük bugdaý ekilen meýdanlaryna nazaryýetde öwrenen okuw sapaklaryny tejribelikde kämilleşdirmek maksady bilen göçme okuw sapagy geçirildi.
Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy Jennet Gurbanowanyň ýolbaşçylygynda göçme okuw sapagyny talyplar “Bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde bejergi ulgamlaryny kesgitlemek” atly tema boýunça geçdiler. Olar bugdaý meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreleriň aýratynlyklary we geçirilmeli möhletleri bilen tanyş boldular. Şeýle hem talyplar S.Rozmetow adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň Saýlantgy tohumçylyk we tejribe synag hojalygynda bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde agrotehniki çäreleri kämilleşdirmek arkaly onuň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan ylmy işler, häzirki wagtda durmuşa ornaşdyrylýan täzeçe usullaryň, döwrebap tehnologiýalar bilen tanyş boldular.
Täsirli geçen göçme okuw sapagynyň dowamynda talyplar öz saýlap alan hünärine degişli önümçilik bilen baglanyşykly giňişleýin maglumatlara eýe boldular.
Jennet GURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ösümlikilik kafedrasynyň mugallymy