Ynsan ömrüni durmuşyň süýji ýatlamalary, begenç gözýaşlaryna sebäp bolýan üstünlikler, durmuş kitabyňa altyn harplar bilen ýazylýan şowly wakalar, şanly seneler bezeýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşiniň döredilen güni mynasybetli ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň medeniýetde, sungatda, edebiýatda, ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, zähmetde öňdebaryjy ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly atlaryň gowşurylyş dabarasy geçirilýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylymyzda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň öňisyrasynda bu baýraga eýe bolan ýaşlaryň arasynda Türkmen oba hojalyk institutyndan Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Ýangiljon Palýazowanyň, Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary Bahar Berdiýewanyň we Aýşat Allaberdiýewanyň, şeýle hem, Agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Orazgül Myratdurdyýewanyň atlarynyň bardygy buýsançly wakalaryň biri boldy.
Ömrüň hiç zada çalşyp bolmaýan döwri bolan ýaşlyk ýyllaryňda şeýle baýraga eýe bolmak, bu pursadyň lezzetini hasam artdyrýar. Biz ýaşlar bu baýraga diňe bir, sylag hökmünde däl, eýsem, uly bir jogapkärçilik, indiki gazanjak üstünliklerimize ruhlandyryjy güýç hökmünde-de garaýarys! Çünki biz çeken ujypsyz zähmetimiziň gadyrsyz galmaýan ýurdunda ýaşaýarys. Munuň üçin halal zähmet çekýän her bir ynsan şu ýurtda doglanyna biçak buýsanýar, guwanýar. Şeýle ýurtda okamak, öwrenmek, döretmek, zähmet çekmek hem uly mertebedir. “Ýaşlar Watanyň daýanjydyr” diýip, biz ýaşlara uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, döwletli işleri rowaç bolsun!
Ýangiljon PALÝAZOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi