Türkmenistanyň daşary syýasaty oňyn hyzmatdaşlyga, deňhukukly gatnaşyklar arkaly dünýäde parahatçylygy berkitmäge gönükdirilendir. Şol sebäpli-de Türkmenistan häzirki wagtda sebitde hem-de dünýä derejesinde ynanyşmagyň we durnuklylygyň merkezleriniň biri hökmünde tanalýar. Bitaplyk syýasaty dünýä halklarynyň dost-doganlygyna we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap bu ýörelgeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişdi. Ýurdumyzyň Halkara Bitaraplyklygy ykrar edilmegi netijesinde Türkmenistan dünýä belli halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly düzümleriň işjeň hyzmatdaşyna öwrüldi.
2025-nji ýylyň 5-nji dekabyrynda Türkmen oba hojalyk institutynda Bitaraplyk güni mynasybetli “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty durnukly ösüşiň kepilidir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata institutyň professor-mugallymlary, aspirantlary, hünärmenleri we talyplary gatnaşdy. Maslahatyň umumy mejlisinde “Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy-dostluk-doganlyk sazy” kitabynda türkmen halkynyň bitaraplyk ýörelgeleriniň beýany”, “Türkmen Bitaraplygynyň dünýä derejesindäki derwaýyslygy”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň syýasy-taryhy aýratynlyklary”, “Bitaraplyk syýasatynyň halkara howpsuzlyk we durnuklylyk ulgamyndaky orny” atly temalardan täsirli çykyşlar edildi. Umumy mejlis tamamlanandan soňra ylmy-amaly maslahat öz işini bäş bölümçede dowam etdi.
Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar halkymyzy eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Oraznepes ATAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallym-öwrenijisi