Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO klubynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly hasabat ýygnagy geçirildi. Duşuşykda klubyň 2025-nji ýylda bitiren işlerine syn edilip, 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen täze çäreler we öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyşlarda oba hojalygynda ekologiýa ýörelgelerini ornaşdyrmagyň hem-de milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmegiň ýaş nesliň terbiýesindäki ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem 2026-njy ýylda agro-syýahatçylygy ösdürmek we “Agro-Innowasiýa 2026” ýaly start-up bäsleşiklerini geçirmek boýunça anyk meýilnamalar tanyşdyryldy. Bu sanly duşuşyk talyplaryň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmakda we innowasion pikirlenmelerini durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýetli boldy.
Ýygnagyň ahyrynda gatnaşyjylar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirdiler. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Bahtiýar Saliýew
Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy, “Daşky
gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO
klubynyň işjeň agzasy