HALKARA ARASSA ENERGIÝA GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN SEMINAR

2026-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Tebigy bilimler kafedrasynyň Täsin fizika talyplarynyň ylmy gurnagy Halkara arassa energiýa güni mynasybetli talyplaryň ylmy seminaryny geçirdi. Seminara institutyň talyplary we mugallymlary gatnaşdy. Çykyşlarda arassa energiýa geçmek, Ýer şarymyzy ýyladyşhanalaryň zyňyndylaryndan halas etmek we ähli adamlar üçin elýeterli, ygtybarly we arassa energiýany üpjün etmeklik barada ara alnyp maslahatlaşyldy. Seminar bilim we ylmy işjeňligi artdyrmak maksady bilen guramaçylykly geçirildi.

Her bir nutukdan soň sorag-jogap alyşmalar bolup, talyplar öz bilimlerini giňeltdiler. Çykyşlar wagtynda tehniki serişdeler, tanyşdyryş slaýdlar giňden ulanyldy, bu bolsa seminara gatnaşyjylaryň bilim alşyny has-da gyzykly we täsirli etdi.

Talyplardan Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Roza Şadyýewa, Agroinženerçilik taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Ejegyz Kakamyradowa, Agroinženerçilik taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Oguljeren Mätiýewa seminara işjeň gatnaşyp hormat hatlar bilen sylaglandylar.

Seminara gatnaşyjylar ylym-bilim boýunça dünýä derejesinde üstünliklere ýol açýan, ýaşlaryň döwrebap ylmy tejribe edinmegine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

Şyhmyrat KOWUSOW
Tebigy bilimler kafedrasynyň mugallymy