Weterinar lukmançylygy hünäriniň 5-nji ýyl talyplary tassyklanan okuw meýilnamalaryna laýyklykda önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Bu tejribe talyplaryň diňe nazary bilim bilen çäklenmän, geljekki hünär işlerinde zerur bolan amaly başarnyklary kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Talyplar tejribelerini Daşoguz şäher Döwlet weterinariýa gullugynda tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda geçýärler.
Bu döwrüň dowamynda olar weterinarçylyk işleriniň gündelik amaly ugurlary bilen ýakyndan tanyşýarlar. Önümçilik tejribeligi talyplara mallaryň saglygyny barlamak, bejeriş işlerini geçirmek, ýokanç keselleriň öňüni alyş çärelerini guramak we weterinar sanitar düzgünlerini berjaý etmek ýaly işleri durmuşa geçirmek başarnygyny berýär. Şeýle-de, talyplar ýüze çykýan keselleriň sebäplerini anyklamak, degişli bejeriş çärelerini işläp taýýarlamak we önümçilik şertlerinde dogry çözgüt kabul etmegi öwrenýärler.
Daşoguz welaýat Döwlet weterinariýa gullugynyň Bakteriologiýa barlaghanasynda geçirilen barlag tejribesi has-da täsirli boldy. Bu tejribede talyplar mikrobedenlere bakteriologiki barlaglary geçirmek, barlaghana şertlerinde keseli anyklaýyş usullaryny öwrenmek, netijelere esaslanyp bejeriş we öňüni alyş meýilnamalaryny taýýarlamak we enjamlary ulanmak başarnyklaryna eýe boldular. Şeýle tejribe işler nazaryýetde alnan bilimleriň hakyky önümçilik şertlerinde ulanylmagyna, ylmy-selejeriş pikirlenmegi ösdürmäge we dürli iş ýagdaýlaryna uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär.
Talyplaryň önümçiligi tejribelik olaryň geljekde jogapkärli, başarnykly we döwrebap weterinar lukmanlary bolup ýetişmegine gönükdirilen möhüm ädim bolup durýar. Şeýle tejribeler, talyplaryň hünär bilimini berkitmek bilen çäklenmän, ýurdumyzda maldarçylyk we oba hojalyk pudagynyň ösüşine goşant goşjak ýokary derejeli ýaş hünärmenleriň kemala gelmegine hem ýardam berýär.
Gurbanmyrat REJEPOW
Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň müdiri