Türkmen oba hojalyk institutynyň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda ene-mamalarymyzdan gelýän milli däplerimizi, edim-gylymlarymyzy, ahlak-arassalygyny, päkizeligi giňden wagyz etmek maksady bilen “Zenan, nesil, millilik-döwletliligiň sütüni” atly mährem eneleriň, welaýatyň zenanlar guramalarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Oňa Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary gatnaşyp edilen çykyşlarda ykballaryň göterilip, arzuwlaryň myrat tapýan ajaýyp zamanamyzda mährem enelerimiziň, zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň abraýynyň, sarpasynyň, mertebesiniň has belende galýandygy, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlara goýulýan hormat-sarpa dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Hakykatdan hem Zenan kalby tutuşlygyna gözellige eýlenen. Onuň göwün gözelligi elmydama şatlykdan, mähirden, söýgüden, ýagşylykdan püre-pür. Sebäbi biziň bagtyýarlyk zamanamyz zenan görki bilen gözeldir. Olarda durmuşa bolan söýgini, töweregindäkilere bolan gowy garaýşy, sylaşykly gatnaşygy döredip terbiýeleýär.
Şeýle-de çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gadymy däp-dessurlarymyzyň belende göterilýän, milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpanyň artýan döwrüne öwrülendigi, hem-de gelin-gyzlarymyzyň deňsiz-taýsyz el işleriniň milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidigi nygtaldy.
Egsilmez ruhubelentlige beslenen wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Aýsülük SAPARGLYJOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň ilkinji
Zenanlar guramasynyň başlygy