Zeminiň görki siz mährem zenanlar

Türkmen oba hojalyk institutynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň dabaraly belleniljek 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bagtyýar ülkämize Bahar paslynyň gelmegi bilen şu günlerde ýurdumyzda dabaraly bellenilýän 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zeminiň görki siz mährem zenanlar” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Egsilmez ruhubelentlige beslenen baýramçylyk çäresinde bu ýokary okuw mekdebiniň “Bagtyýarlyk joşguny” döredijilik toparynyň aýdymçylary çykyş edip, özleriniň hoş owazlary bilen dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Olarda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen eşretli zamanada, baky bagtyň gujagynda ýaşaýan zenanlarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüş-özgerişlerinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan belent sepgitlerde mynasyp paýynyň bardygy giňişleýin beýan edildi.

Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk çäresinde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlara goýulýan sarpa, mähriban enelermiziň waspyny ýetirdiler.

Dabaralaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Meýlis BALLYÝEW,
Agrohimiýa we topragy öwreniş
kafedrasynyň laboranty