HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNDAN PUL SOWGATLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Türkmen oba hojalyk institutynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen 2026-njy ýylymyzda dabaraly bellenilýän 8-nji mart - Halkara zenanlar güni mynasybetli zenan mugallymlara, talyp gyzlara Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde zenanlaryň ornuny, olaryň halkymyzyň ruhy-medeni, durmuş-ykdysady ösüşlerine goşýan saldamly goşandyny öz hakyky manysynda açyp görkezmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Muňa ata Watanymyza Bahar paslynyň gelmegi eziz ülkämizde bellenip geçilýän “Halkara zenanlar güni” hem doly şaýatlyk edilýär.

Ene-mamalarymyz Maşgalanyň ar-namys baýdagyna deňelen gyzlardan edep kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini berk talap edipdirler. Aňa siňdirilen edep kadalary daşa ýazylana dönüp, ömür ýolunda ulanylyp, kämilleşdirilip, nesillere geçirilipdir. Gyz maşgalanyň hakyky gözelligi onuň tebigy görkünde, edebinde, adamkärçiliginde diýip ene-mamalarymyz gyzlara ýaşlykdan öwüt-nesihat edipdirler.

Çünki Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli zenanlaryna 60 manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak baradaky Buýruga gol çekmegi eziz Diýarymyzyň owadan baharlarynyň başy ýene-de gözel tebigatymyzyň ajaýyplygy bilen bäs edýän gül ýüzli zenanlarymyzyň baýramy bilen başlanýandygyna şaýatlyk edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy resminamasyna laýyklykda ýokar okuw mekdebinde zenanlara pul sowgatlarynyň gowşurylmagy mynasybetli gurnalan çäre egsilmez ruhubelentlige beslendi.

Bu baýramçylyk çäresiniň dowamynda zenanlarymyzy, mährem enelerimizi, Garaşsyz Diýarymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny şeýle-de medeniýetimizi ösdürmekde alnyp barylýan tutumly işleriň waspyny edýän aýdymlar has-da belentden ýaňlandy.

Dabara ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Şyhmyrat BAZAROW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agrar partiýasynyň ilkinji partiýa guramasynyň başlygy